Pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi

11:4620.04.2024
0
12141

20-nji aprelde Eýranyň Medeniýet merkezi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI bilelikde pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Saady Şiraza bagyşlanan çäre geçirildi.

Dabara Sagdy Şirazynyň pars we türkmen dillerindäki bir kasydasyny beýan edýän kompozisiýa bilen açyldy. Çäräniň başynda Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI rektory we EYR-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahani, EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli çykyş etdi.

Dabaranyň dowamynda Saadi barada wideoşekiller görkezilip, onuň gazallaryndan döredilen aýdymlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem ýazyjynyň «Gülüstan» eserinden hekaýat okaldy.

Mundan başga-da çäräniň barşynda «Türkmençe – parsça gepleşik sözlügi» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy, Saadynyň we Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, dürli ýyllarda neşir edilen sözlükleriň sergisi hem boldy.

Çykyş edenlere dabaranyň ahyrynda guramaçylaryň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Çärä gatnaşan myhmanlara ýurduň milli tagamlary hödür edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň