Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Energetigi» ýeňen «Nebitçi» ýedinji orna göterildi

23:5917.12.2022
0
18889

26-njy tapgyrda öz meýdanynda «Şagadamdan» 0:3 hasabynda asgyn gelen «Energetik» 27-nji tapgyrda Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ikinji topardan hem utuldy. Takygy, Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň topary myhmançylykda ýaryş tertibindäki goňşusy «Nebitçiden» 0:1 hasabynda asgyn geldi.

Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 89-njy minutda Maksat Çagbalyýew geçirdi. Şondan iki minut öň bolsa Musa Nurnazarow üç minutda alan ikinji sary kartyndan soň oýundan çykaryldy. Birinji sary kartyny 85-nji minutda alan Musa ikinjisini 87-nji minutda alyp, «Energetigi» meýdanda 10 oýunçy bilen galdyrdy. Bu bolsa ahyrky sekuntlara çenlli per bermän gelýän myhmanlaryň güýjüni gowşatdy we şondan 2 minut soňra duşuşygyň ykbalyny kesgitlän gol derwezä geçirildi.

Bu ýeňiş «Nebitçä» başga bir uly üstünligi hem getirdi. Tas çempionatyň başyndan bäri iň soňky orny eýeläp gelýän «Nebitçi» bu ýeňişden soň utugyny 17-ä, özüni bolsa ýedinji orna çykardy. 15 utukly «Energetik» ýaryş tertibiniň düýbüne gaçdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň