Türkmenistan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalaryny döwlet mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralaryna kabul etmegiň Tertibini tassyklady

12:3517.12.2022
0
47392

Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa «Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalaryny döwlet mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralaryna kabul etmegiň Tertibini» tassyklady.

Bu resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda 1666 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy we kanuny maglumatlar portalynda çap edildi.

Degişli düzgüniň dördünji bölüminde daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalaryny mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralaryna kabul etmekden esassyz ýüz döndermek gadagan edilýändigi aýdylýar.

Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň çagalaryny mekdebe çenli çagalar we umumybilim edaralaryna kabul etmekden ýüz dönderen umumybilim edarasynyň hereketleri boýunça onuň ene-atasynyň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.

Resminamanyň doly görnüşini (türkmen dilinde) şu ýerden okap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň