Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Uly Moskwa sirkiniň çykyşlary guralýar, «Awazada» Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi we beýleki habarlar

10:3614.12.2022
0
23204

1. 10-njy dekabrdan başlap, Aşgabatda Uly Moskwa sirkiniň çykyşlary guralýar. Rus artistleri «Wernadskiý şaýolundaky Moskwa sirki» maksatnamasy boýunça bu ýerde bir aýlap çykyşlaryny dowam etdirerler. Moskwa sirki Türkmenistana iň gowy çykyşlaryny getirdi: akrobatlar, masgarabazlar, žonglýorlar, tälim berlen haýwanlar. Moskwaly artistleriň maksatnamasynda Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary hem bar.

2. Daşkende GDA agza döwletleriň Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XV forumy öz işine başlady. Forumyň çäklerinde Arkalaşygyň ýurtlaryndan ýaş zehinli sazandalaryny bir ýere jemleýän Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär. Dirižýor hökmünde Türkmenistana 34 ýaşly zehinli sazanda, köp sanly ýaşlar baýraklarynyň eýesi, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Resul Gylyjow wekilçilik eder.

3. Birinji üçtaraplaýyn sammitiň öňýanynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişiniň barşyny, ählumumy hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.

4. Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleriniň maşgalalary üçin niýetlenen dört gatly täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Bu bina «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk we gurnama trestiniň hünärmenleri tarapyndan guruldy.

5. «FLO» aýakgap dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde açylmagy mynasybetli 50% arzanladyş yglan etdi. Aksiýa 18-nji dekabra çenli dowam eder. Dükanda ulular we çagalar üçin dürli görnüşdäki esasy, sport, nusgawy aýakgaplaryň nusgalary hödürlenýär. Mundan başga-da, «FLO-da» öňünden töleg geçirmezden, alty aýlyk möhletleýin tölemek mümkinçiligi hereket edýär.

6. Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylygynda işgärleri wezipä belledi. Lukaşenka ozal ministr Wladimir Makeýiň birinji orunbasary bolan Sergeý Aleýnigi daşary işler ministri wezipesine belledi.

7. 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty Sankt-Peterburg bolar, ol bu derejäni Gyrgyzystanyň Karakol şäherinden soňra dowam etdirer. Daşkentde geçirilen tanyşdyryş dabarasynda Sankt-Peterburgyň medeniýet meseleleri boýunça komitetiniň başlygy Stanislaw Moldowanow Russiýanyň medeni paýtagty bolan Sankt-Peterburg üçin geljek ýylda Arkalaşygyň hem medeni paýtagty bolmagyň örän şatlykly wakadygyny belledi.

8. 22-nji dekabrda Maryda 2006-2007-nji ýyllarda doglan oglanlaryň we gyzlaryň arasynda basketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlaýar. Bäsleşige Balkan, Lebap, Daşoguz, Mary, Ahal welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndylary gatnaşarlar. Oýunlar 22-27-nji dekabr aralygynda geçiriler.

9. Portugaliýanyň Futbol federasiýasy Žoze Mourinýo ýurduň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmegi teklip etdi. Italiýanyň «Roma» toparynyň häzirki baş tälimçisine milli ýygyndydaky we klubdaky işleri utgaşdyrmak teklip edildi. Ýatlatsak, Fernandu Santuşyň ýolbaşçylygyndaky Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň Katarda geçirilýän Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy we ujypsyz hasap bilen Marokkonyň toparyndan ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň