Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Sergeý Aleýnigi ýurduň daşary işler ministri wezipesine belledi diýip, «Belta.by» saýty habar berdi.
Aleýnik häzirki wagta çenli ýurduň daşary syýasat edarasynda ministriň birinji orunbasary wezipesinde işledi.
Belarusyň öňki daşary işler ministri Wladimir Makeý geçen noýabryň aýagynda, 64 ýaşynda aradan çykdy.
Sergeý Aleýnik 1965-nji ýylda Minskide doguldy, ol Minskiniň Döwlet daşary ýurt dilleri pedagogik institutynyň terjimeçilik bölümini tamamlady, Awstriýanyň DIM-indäki Diplomatik akademiýada okady.
Soňra ýurdunyň konsullyk, serhet, döwlet protokoly gulluklarynda, daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda dürli wezipelerde işledi.
BMG-de we beýleki halkara guramalarynda Belarusyň hemişelik wekili boldy.
2009-2013-nji ýyllarda ýurduň DIM-niň başlygynyň orunbasary boldy. 2020-nji ýyla çenli dürli ýurtlarda ilçi bolup işledi.
2020-2022-nji ýyllarda Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary, 2022-nji ýylyň fewral-dekabr aýlary aralygynda birinji orunbasary boldy. Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi derejesiniň eýesi, iňlis hem-de nemes dillerini bilýär.
Şeýle-de okaň: