Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy gynanç hatlarynyň elektron kitabyny döretdi

23:5030.11.2022
0
16159

Diplomatik missiýanyň resmi web saýtynyň habaryna görä Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu gün Respublikanyň daşary işler ministri Wladimir Makeýiň duýdansyz aradan çykmagy bilen baglanyşykly gynanç hatlarynyň kitabyny döretdi. Elektron kitapda Belarusyň daşary işler ministrliginiň web saýtyna gynanjyňyzy ugradyp bilersiňiz.

Wladimir Makeý geçen şenbe güni birden aradan çykdy. 29-njy noýabrda Minskdäki Gündogar gonamçylygynda jaýlandy.

Wladimir Makeý 2012-nji ýylyň 20-nji awgustyndan bäri Belarusyň daşary işler ministri bolup işleýärdi. 1993-nji ýyldan bäri Makeý Belarusyň daşary işler ministrliginde dürli wezipelerde işledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Wladimir Makeýiň ölümi bilen baglanyşykly çuňňur gynanç bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň