Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda, 10-njy dekabrda Lebap welaýatynyň Seýdi şäheriniň «Dostluk» köçesiniň ugrunda 4 gatly, 24 öýli ýaşaýyş jaýy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, täze ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy toý şowhunyna beslendi. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ulanmaga berlen täze ýaşaýyş jaýyna bagtyýar maşgalalaryň 24-si göçüp bardy.
Döwrebap jaý Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň buýurmasy esasynda «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.
Şeýle-de okaň:
- Türkmenabatda 1280 maşgala üçin 40 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi
- Balkan welaýatynda täze ilatly ýere şäherçe derejesi berildi