Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýatynda täze ilatly ýere şäherçe derejesi berildi

19:5212.12.2022
0
22486

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçe açylyp ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 10-njy dekabrda kabul eden kararyna laýyklykda, Bereket etrabynda döredilen bu täze ilatly ýere şäherçe derejesi berlip, ol «Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi» diýlip atlandyryldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Täze şäherçede 300 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, 200 orunlyk medeniýet öýi, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, saglyk öýi, çagalar üçin oýun meýdançasy, seýilgäh, Geňeşligiň edara binasy, aragatnaşyk ulgamynyň binasy, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edara binasy, 2 sany dükan, metjit we beýleki desgalardyr binalar bar.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň ýokarda agzalan «Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermek we oňa at dakmak hakyndaky» kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşligi ýatyrylyp, onuň Gulmaç, Gamakly, Isgender, Ok, Öýleguşluk obalary täze döredilen Galkynyş şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna berildi.

Şeýle hem kararda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmalydygy; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmelidigi; Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmelidigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň