Soňky habarlar

Arhiw

Braziliýanyň futbol ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

22:5409.12.2022
0
41243

Şu gün futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/4 finalynyň ilkinji oýny Braziliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň arasynda boldy.

Çekeleşikli geçen oýnuň esasy wagtynda hasap açylmady. Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Dominik Liwakowiç duşuşygyň esasy wagtynda braziliýaly oýunçylaryň derwezä garşy eden 9 urgusyny gaýtarmagy başardy. Bu netije dünýä çempionatlarynda Horwatiýanyň milli ýygyndysy üçin rekord görkezijidir.

Goşmaça wagtda, has takygy 105-nji minutda Lukas Paketanyň asisti bilen Neýmar Braziliýany öňe saýlady — 0:1.

Bu gol Neýmaryň milli ýygyndy toparda geçiren 77-nji goly boldy. Şeýlelikde ol milli ýygyndydaky gollarynyň sany boýunça Pele bilen deňleşip, onuň rekordyny gaýtalady. Neýmara bu netijä ýetmek üçin 124 duşuşykda meýdança çykmak gerek boldy. Pele 77 goly 92 oýunda geçirdi.

Duşuşygyň 117-nji minutdynda Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Buruna Petkowiç hasaby deňledi — 1:1.

Şeýlelikde, duşuşygyň goşmaça wagty hem deňlikde tamamlandy. Duşuşygyň ýeňijisi penaltiler arkaly kesgitlenildi.

Netijede 11 metrlik urgulary has dürs ýerine ýetiren Horwatiýanyň milli ýygyndysy (2:4) 1/2 finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Horwatiýa ýarymfinalda Argentina — Niderlandlar duşuşygynyň ýeňijisi bilen oýnar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň