Soňky habarlar

Arhiw

«Sagdyn nesil – röwşen geljege badalga» atly sport çäresi geçirildi

14:2409.12.2022
0
17959

8-nji dekabrda «Türkmenaragatanşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda, şol mekdebiň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Sagdyn nesil – röwşen geljege badalga» atly sport çäresi geçirildi.

Sport çäresinde ýaşlaryň boş wagtyny netijeli geçirmekleri, olaryň aň-bilim terbiýesi we olaryň köpçülikleýin sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen sportuň birnäçe ugurlary boýunça ýaryşlar gurnaldy.

Bedeniňi berkitmek — saglygyňy berkitmek diýen düşünjeden ugur alyp geçirilen bu sport çäresi, sporty we sagdyn durmuşy ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge gönükdirilen ýene-de bir ädim boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň