Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Stambul bilen Aşgabadyň arasyndaky dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi, «Ahal-sitide» guruljak metjit üçin ýörite haýyr-sahawat hasaby açyldy, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwdanyň mukdary 478 mln dollara barabar boldy

09:4809.12.2022
0
26925

1. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul – Aşgabat – Stambul ugry boýunça Türkiýeden Türkmenistana göni dowamly howa gatnawlaryny amala aşyrmaga girişdi. Awiakompaniýanyň uçarlary Stambulyň howa menzilinden Aşgabadyň howa menziline hepdede iki gezek çarşenbe we şenbe günleri, yzyna bolsa penşenbe we ýekşenbe günleri uçýar. Mundan başga-da, duşenbe we anna günleri Stambul – Türkmenbaşy – Stambul ugry boýunça hepdede iki gezek howa gatnawlary dowam edýär.

2. Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde döwrebap metjidiň gurluşygy üçin ýörite haýyr-sahawat hasabyny açdy. Hasap «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynda milli walýutada, ABŞ-nyň dollarynda we ýewroda açyldy.

3. Russiýa söwda ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlaryndan biridir. 2022-nji ýylyň sekiz aýynyň dowamynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň mukdary, takmynan, 478 mln dollara deň boldy. «Tatarstan, Astrahan we Çelýabinsk oblastlary, şeýle hem Sankt-Peterburg bu ugurda has işjeňlik görkezýärler» – diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginde nygtadylar.

4. Bu ýyl Türkmenistanda igde agajy adatdakydan has köp hasyl berdi. Häzirki wagtda ony ýygnamak işleri dowam edýär. Igde ýa-da dar ýaprakly loh agajy ýurtda gadymy döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýär, çünki agajyň miweleri diňe bir tagamlary we içgileri taýýarlamak üçin däl, eýsem, derman hökmünde hem ulanylýar. Igde agajy oblepiha agajynyň gönüden-göni garyndaşydyr. Onuň iň süýji miweleriniň Merkezi Aziýada ösýändigine ynanylýar. Ozal bu agaçlar Türkmenistanda bu agaçlar, esasan, demirgazykda ösdürilip ýetişdirilýärdi, häzirki wagtda bolsa tutuş ýurtda ösdürilýär.

5. 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Röwşen Nepesowyň orkestri «Türkmenistan» kinokonsert merkeziniň sahnasynda «Bitaraplygyň simfoniýasy» konsertini ýerine ýetirer. Konsertde dünýäniň nuwgawy eserleri we Röwşen Nepesowyň öz döreden eserleri ýaňlanar. Konsertde Selbi Annadurdyýewanyň, Atajan Berdiýewiň we Selim Gurbansähedowyň ýerine ýetirmeginde wokal aýdymlar hem ýaňlanar.

6. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda AI-98 belgili ýokary oktanly awtobenziniň senagat önümçiligi özleşdirildi. Ilkinji tapgyr eýýäm içerki bazarda synagdan geçirildi. Ýangyjyň bu görnüşi goşundylar we üýtgedijiler goşulyp, pes oktanly benzinden taýýarlanylýar. Bu usul bilen alnan önüm kameradaky basyşyň ýokarlanmagy arkaly iň ýokary kuwwatlygy görkezmäge ukyply hereketlendirijiler üçin ýokary oktanly ýangyçdyr.

7. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Änew şäheriniň eteginde, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy ulanylmaga berildi. Täze gurlan jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy we gök zolaklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde awtoduralga, sport meýdançasy, çagalar üçin oýun meýdançasy, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ýerler, şol sanda sadaka we maşgala dabaralaryny geçirmek üçin bina göz öňünde tutulypdyr.

8. Erkekler we aýallar Täze ýyl üçin nähili sowgatlary isleýärler, Russiýanyň iş gözlemek boýunça portaly «SuperJob» täze barlagynda şeýle soragdan ugur aldy. Ýüze çykarylan netijelere görä – soraga gatnaşanlaryň 16%-i sowgat hökmünde pul almagy arzuw edýärler – bu Täze ýylda islenýän sowgatlarynyň arasynda öňdebaryjydyr. Ikinji ýerde dynç alyş ýa-da gozgalmaýan emläk bar. 8% sowgat hökmünde döwrebap enjam, 7% – awtoulag, 2% täze eşik almak isleýärler. Şaý-sepler, öýde abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, atyrlar, mebel, sport enjamlary, saz gurallary, okuw şahadatnamalary, süýjülikler, öý haýwanlary, gaýyk, motosikl ýaly sowgatlaryň hersi 1% görkezijä eýe boldy.

9. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurduň Kubogynyň final duşuşygynyň geçiriljek ýerini belledi. Duşuşyk 11-nji dekabrda Aşgabatdaky «Nisa» stadionynda geçiriler. Oýun sagat 14:00-da başlanar. Duşuşyga Resul Mämmadowyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary baha berer. Bu ýyl Änewiň «Ahal» topary we Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» baş baýraga dalaşgärlik edýärler.

10. Dünýä boksunyň iň meşhur eminleriniň biri bolan Mills Leýn 86 ýaşynda aradan çykdy. Leýn 70-nji ýyllarda boks duşuşyklaryna eminlik edip başlady, ol çempionlyk ugrundaky duşuşyklaryň jemi 100-den gowragyna eminlik etdi. Leýniň eminlik eden iň meşhur duşuşygy Maýk Taýsonyň Las-Wegasda garşydaşy Ewander Holifildiň gulagynyň bir bölegini dişlän duşuşygy boldy. Ömrüniň soňky 20 ýylynda Leýn insultyň netijeleri bilen göreşdi, şondan soň ol bölekleýin ysmaz bolup, gürlemek ukybyny ýitiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň