8-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 6-sy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Täze jaýlar olara göçüp baranlara Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat boldy.
Täze ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän döwrebap jaýlaryň her biri dört gatdan, ähli amatly şertler döredilen 3, 4 we 5 otagly öýlerden ybaratdyr.
288 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny «Joşgun bina» hususy kärhanasynyň gurluşykçy-hünärmenleri alyp bardylar. Açylyş dabarasynda olaryň birnäçesine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Soňra täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öý almak bagty nesip eden bagtyýar maşgalalaryň birnäçesine öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlaryndan soň, täze jaýlaryň toý bagy kesildi. Soňra dabara gatnaşyjylar ýaşaýyş jaýlarynyň amatlyklary bilen tanyşdylar hem-de jaý toýlaryny toýlaýan döwletli maşgalalarda myhman bolup, olary täze öýlere göçüp gelmekleri bilen gutladylar.