Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: Muhadow bassyr üç tapgyrdan bäri tapawutlanýar

12:0205.12.2022
0
12768

«Aşgabadyň» futbolçysy Merdan Muhadow Ýokary liganyň soňky üç tapgyrynda-da tapawutlanyp, toparynyň ýeňişlerine uly goşant goşdy. Şeýlelikde, ol möwsümde seýrek gabat gelýän başarnyklaryň birini görkezdi.

«Aşgabat» 22-nji tapgyrda «Şagadamy» Merdan Muhadowyň ýeke-täk goly bilen ýeňen bolsa, 23-nji tapgyrda «Köpetdagyň» derwezesine-de pökgi geçirdi. 24-nji tapgyrda bolsa ol «Merwiň» derwzesine pökgi geçirip, toparyň «Merwden» üstün çykmagyna goşant goşdy.

Möwsümdäki gollarynyň sanyny 10-a tegelän Merdan Muhadow iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ilkinji dörtlüge girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň