Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda 2200 gektar meýdana güýzlük sogan ekildi

15:3529.11.2022
0
15568

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlük sogan geçen ýyldakydan iki esse köp meýdana – 2200 gektar meýdana ekildi. Akdepe etraby sebitde irki sogany ýetirişiriji etrapdyr. Bu ýerde sogan 550 gektar meýdana ekildi. Şabat etrabynda 480 gektar, Boldumsaz etrabynda bolsa 380 gektar ýere sogan ekildi. Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda-da güýzlük sogan ýetişdiriler, 2020-nji ýylyň gyşyndan bäri ol sebitde köpçülikleýin ýetişdirilip gelinýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Geçen ýyllaryň tejribesi soganyň şu usulda ýetişdiririlişinde sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, aýaza we kesellere has durnukly görnüşleriniň hem-de gyşky şitillere ideg etmegiň düzgünlerine berk eýerilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny görkezdi.

Güýzlük soganyň ýetişdirilmegi ekerançylara bazarlary ýokary hilli ter önüm bilen ýylboýy üznüksiz üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Döwlet tarapyndan ilatyň islegli azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini ardtyrmak boýunça obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda Daşoguz welaýatynyň babadaýhanlary hem oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ýeralmanyň, soganyň, kelemiň, kösükli we bakja ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň