«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi

21:4227.11.2022
0
13511
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Surat: customs.gov.tm

2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň guramagynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Mejlise «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň düzümine girýän degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferenesiýasynyň hünärmeni gatnaşdy.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Pudagara iş toparynyň başlygy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň mejlislerinde kabul edilen çözgütler esasynda ýerine ýetirilen işler barada habar berdi. Soňra, Pudagara toparynyň düzümine girýän her-bir ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri resmileşdirme işleri «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak babatynda kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada hem-de tehniki-aragatnaşyk we hünärmen üpjünçilikleri barada giňişleýin hasabatlar bilen çykyş etdiler.

Mejlise gatnaşyjylar çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň işini sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işleriň gerimini belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň