Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: ýekeje gol goşa 70-lige sebäp boldy

16:5127.11.2022
0
10980

22-nji tapgyrdan soň emele gelen goşa 70-lik ünsi çekmäge mynasypdyr. Olaryň biri ýaryşyň öňdebaryjysy «Ahal», ikinjisi bolsa iň soňky basgançakdaky «Nebitçi» futbol topary bilen baglydyr.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji tapgyrda bu iki topar biri-birini synaga saldy. Ozalky aýlawlarda «Nebitçini» uly hasaplar bilen ýeňen «Ahal» bu gezek diňe ýekeje pökgi bilen ýeňdi. Ony hem 57-nji minutda möwsümiň iň netijeli futbolçysy Didar Durdyýew geçirdi.

Eýsem, bu duşuşykda ýaryş tertibine täsin eden 70-likler nähili ýüze çykdy? Duşuşykda «Ahal» şu möwsümdäki 70-nji goluny geçirdi. «Nebitçi» bolsa möwsümdäki 70-nji goluny geçirtdi. Bu iki tegelek san hem birje gol bilen ýüze çykdy. Onuň hem awtory Didar Durdyýewdir.

Şeýlelikde, «Ahal» möwsümde başga toparlara 70 gol geçirip bilen ilkinji topar boldy, «Nebitçi» bolsa derwezesine 70 gol geçirden ilkinji topar hökmünde möwsümiň taryhyna girdi.

«Ahalyň» futbolçylarynyň şu möwsümde geçiren gollarynyň iň ýakyn garşydaşynyňkydan tas iki essä golaý kändigini hem aýtmak gerek. Çünki gollaryň sany boýunça ikinji orundaky topar ― «Altyn asyr» möwsümde 37 pökgi geçirip bildi.

«Nebitçiniň» «üstünligine» iň ýakyn topar bolsa «Energetikdir». 22-nji tapgyrda öz meýdanynda «Altyn asyrdan» 0:2 hasabynda asgyn gelen «Energetik» möwsümde garşydaş toparlaryň 47 golundan halas bolup bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň