Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä çempionatynyň birinji tapgyrynda iň köp janköýer ýygnan duşuşyk belli boldy

13:1826.11.2022
0
23334

FIFA-nyň metbugat gullugynyň habaryna görä, Katarda dowam edýän dünýä çempionatynyň birinji tapgyrynda stadionlaryň umumy sygymynyň 94 göterimi doldy. Ýaryşda häzire çenli 3 million petek satyldy.

Braziliýa bilen Serbiýanyň arasyndaky oýun (2: 0) 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň iň köp janköýer gatnaşan oýny boldy. Şol gün Dohadaky stadiona 98,000 futbol janköýeri jemlendi.

Guramaçylar dünýä çempionatynyň her oýnuny ägirt ekranlarda görkezýärler, şeýle hem meşhur aýdym-saz ýyldyzlarynyň mugt konsertlerini guraýarlar.

Häzirki wagta çenli oýunlaryň köpüsine biletleriň sany çäkli ýa-da ýok.

Dünýä çempionatynyň Ýakyn Gündogarda ilkinji gezek geçirilýändigini ýatladýarys. Ýaryş 18-nji dekabra çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň