Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 6 şäherinde ýaşlaryň iş üpjünçiligini goldamak üçin okuw-maglumat merkezleri döredildi

13:4824.11.2022
0
24616

Türkmenistanyň Aşgabat, Daşoguz, Mary, Tejen, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherleriniň ýerli zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümlerinde ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini, şeýle hem iş bilen üpjünçiligini goldamak maksady bilen, okuw-maglumat merkezleri döredildi.

Merkezleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän STRIVE Asia taslamasynyň çäginde döredilendigi habar berildi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Merkezi jaý we zerur infrastruktura bilen üpjün etdi, BMG-niň ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky edarasy bolsa IT enjamlaryny, şol sanda 28 kompýuter, 3 printer we 3 proýektor satyn alyp berdi.

Bu başlangyçlaryň dowamlylygyny üpjün etmek üçin taraplar okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky teswirnamany we olar baradaky Düzgünnamany ylalaşdylar hem-de gol çekdiler. Merkezler isleg bildirýän taraplar bilen hünär, hukuk we psihologik treningleri geçirmäge hem-de ýerli edara-kärhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyk üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder.

Täze merkezleriň, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary, şol sanda BMG-niň ýaşlary iş bilen üpjün etmek we sosial goldaw guramalary bilen hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirer diýlip garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň