Soňky habarlar

Arhiw

Masdar Türkmenistanda Gün fotoelektrik gurluşyň taslamasyny durmuşa geçirmäge girişer, Aşgabatda Täjigistanyň medeniýet günleri başlady, Türkmenistanda Sirk sungaty barada kanun güýje girdi

11:2524.11.2022
0
30069

1. Türkmenistanyň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen BAE-niň «Masdar» kompaniýasynyň arasynda kuwwaty 100 megawatt bolan Gün fotoelektrik gurluşynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Ylalaşyga gol çekildi. Bu «Masdar» kompaniýasynyň Türkmenistandaky ilkinji taslamasy bolar.

2. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Döredijilik forumyny guraýjy iki döwletiň medeniýet ministrleri gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Konsert Täjigistanyň meşhur döredijilik toparlary —«Lola» döwlet tans toparynyň, we «Parastu» tans toparynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde tans çykyşy bilen açyldy.

3. Türkmenistanda «Sirk we sirk sungaty hakynda» Kanun güýje girdi. Resminama sirk we sirk sungaty babatda döwlet syýasatynyň hukuk we durmuş-ykdysady esaslaryny kesgitleýär, sirk tomaşalarynyň döredilmegi we köpçülige görkezilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär, sirkleriň işiniň hukuk esaslaryny we onuň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň görnüşlerini kesgitleýär, şeýle hem raýatlaryň estetiki terbiýesine, olaryň sirk sungaty babatda döredijilik isleglerini kanagatlandyrmaga we bähbitlerini goramaga gönükdirilendir

4. Türkmenistanyň banklary maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, 2022-nji ýyl üçin garaşsyz audit geçirmäge taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky, «Senagat» PTB we «Türkmen-Türk» paýdarlar täjirçilik banky eýýäm auditor hyzmatlaryny almak üçin halkara bäsleşiginiň geçirilýändigi baradaky bildirişleri çap etdiler. Maliýe hasabatlylygynyň garaşsyz barlagynyň geçirilmegi banklara öz işiniň täsirliligini tassyklamaga we täze hyzmatdaşlary çekmäge mümkinçilik berýär.

5. 6-njy dekabrda sagat 9:00-dan 12:00 aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Çäräni Köpetdag etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde guraýar. Işe ýerleşmek isleýänleriň ýanlarynda pasporty, şeýle hem bilim we hünär derejelerini tassyklaýan resminamasy bolmalydyr.

6. Okamaga bolan söýgüsi bilen tanalýan milliarder Bill Geýts hemmelere maslahat berip biljek birnäçe kitaplary barada gürrüň berdi. Geýtsiň maslahat berýän kitaplarynyň arasynda – Robert Haýnlaýnyň «Keseki ýurtdaky keseki adam», Doris Kerns Gudwiniň «Garşydaşlaryň topary» we Pol Straterniň «Mendeleýewiň düýşi» kitaplary bar.

7. Meksikadaky El-Kastilýo piramidasyna çykan syýahatçy zenana ýerli ýaşaýjylar suwly çüýşeleri zyňdylar. Bu piramida maýa indeýleriniň medeniýetinden galan dünýäniň iň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň biridir. 2008-nji ýyldan bäri oňa dyrmaşmak hemmeler üçin, syýahatçylar we ýerli ýaşaýjylar üçin gadagandyr, munuň üçin 2,5-dan 5 müň dollara çenli jerime salynýar. Kanuny bozmaga milt eden syýahatçy zenan piramidanyň depesine çykyp, ol ýerde tans edip başlapdyr. Şol wagtyň dowamynda ýerli ýaşaýjylar gygyryp, haýbat atyp, ony aşak düşürmäge çalşypdyrlar. Haçan-da ol aşak düşüp başlanda, oňa plastik gaplary zyňypdyrlar we polisiýa alyp gitmek ýaly haýbatlar bilen ýüzlenipdirler.

8. «Turkmenportal» doglan gününiň öňüsyrasynda futbolçy Ruslan Mingazow bilen söhbetdeş boldy we Gonkongyň çempionatynda oýnaýan ýeke-täk türkmenistanly bolmagyň onuň üçin nämeleri aňladýandygy, 31 ýaşyny nirede bellejekdigi, Aşgabada haçan dolanjakdygy we milli ýygyndynyň köýnekçesini geýende nähili duýgulary başdan geçirýändigi bilen gyzyklandy. Türkmenistanyň iň gowy futbolçylarynyň biri, Latwiýanyň, Çehiýanyň, Gazagystanyň we Gonkongyň çempionatlarynda çykyş etmek ýaly tejribesi bolan oýunçy 1991-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda dünýä indi. «Turkmenportalyň» redaksiýasy Ruslan Mingazowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlaýar hem-de oňa uzak we bagtly durmuşynyň dowamynda iň gowy arzuwlary beýan edýär.

9. Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň dördünji güni tamamlandy, onuň dowamynda «E» we «F» toparçalaryň wekilleri meýdança çykdylar. Marokkonyň we Horwatiýanyň ýygyndylary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Ýaponiýanyň ýygyndysy Germaniýanyň toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ispaniýa Kosta-Rikanyň derwezesine 7 sany jogapsyz gol geçirip, özüniň öňdebaryjy toparlaryň biridigini tassyklady, Belgiýa Kanadanyň ýygyndysyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň