Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky meselä gaýtadan seretmegi tabşyrdy

20:2524.11.2022
1
47189

Habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ýyl bäri ýurtda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny belledi.

Bu iş mundan beýläk hem dowam etdiriler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de munuň adamlar barada edilýän aladanyň örän möhüm ugrudygyny belledi. Şoňa görä-de, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň bu ugra aýratyn üns bermelidikleri nygtaldy. Emma, ozal hem aýdyşym ýaly, biziň maliýe-bank ulgamymyzyň ýolbaşçylary heniz ýaramaz işleýärler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda: «Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?» diýen sowallar ýüze çykýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy adamlar hakynda alada etmek üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini belledi.

Şoňa görä-de, Prezidentiň Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir gezek seretmeli diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr. Biz, ilkinji nobatda, hut şundan ugur almalydyrys diýlip nygtaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň