Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri GIZ hünärmenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler

15:4217.11.2022
0
30770

Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak boýunça hünärmenleriniň Germaniýa Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy.

Duşuşygyň maksady Sebitleýin hyzmatdaşlygy we söwdany berkitmek üçin Merkezi Aziýanyň ulag geçelgeleriniň halkara ýol gatnawlarynyň işlerini sanlylaşdyrmak boýunça täze taslamany ara alyp maslahatlaşmak boldy diýlip, Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Germaniýa Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) bilermenleri agzalan taslama bilen tanyşdyrdylar. Bu taslama, Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş ministrliginiň (BMZ) başlangyjy bilen durmuşa geçirilýär we 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2023-nji ýylyň dekabry aralygynda meýilleşdirilendir. Şeýle hem, taraplar bu taslama boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Gümrük gullugynyň wekilleri TIR-EPD Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň häzirki ýagdaýy we bu ugurda bar bolan başlangyçlaryny paýlaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Halkara awtomobil ulaglary birleşigi bilen hyzmatdaşlykda halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýän «TIR-EPD» sanly ulgamy işi ýola goýuldy. Bu ulgam halkara awtoulagly daşalýan ýükler barada ähli maglumatlary awtoulagyň ýüklenip ugramagy bilen bir wagtda, elektron görnüşde gümrük edaralaryna awtomatiki usulda deslapdan bermäge şert döredýär. Bu bolsa, ýurda gelýän we üstaşyr geçýän ýükli awtoulaglaryň gümrük gözegçiligini ygtybarly guramaga we olary serhetden çalt geçirmäge, ýurtda öndürilýän önümleri TIR Konwensiýasyna gatnaşýan döwletlere päsgelçiliksiz eltmegine giň mümkinçilik döredýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň