Soňky habarlar

Arhiw

Uganda Respublikasynyň ilçisi Mejlisiň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

11:0616.11.2022
0
23238

Düýn Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de parahatçylyk söýüji syýasaty, parahatçylyk dörediji başlangyçlary bilen uly halkara abraýa eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Ugandanyň ilçisi bolmagy özi üçin mertebe hasaplaýandygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Nygtalyşy ýaly, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Myhman ýurtda döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan, türkmen halkynyň rowaçlygyny, Türkmenistanyň ykdysady ösüşini özüne maksat edinýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen hem tanyşdyryldy.

Duşuşykda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işi barada-da söhbet edildi. Şunda parlamentara derejede dialogy giňeltmegiň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Diplomat öz ýurdunyň söwda, işewürlik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň, şol sanda syýahatçylyk we sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, ikitaraplaýyn dialogyň üstünlikli ösdürilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we özara bähbitlere laýyk gelýän täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň