Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça ýygyndysy Gruziýada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

15:2711.11.2022
0
15161

Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça milli ýygyndysy Ýewraziýanyň açyk Gran-pri ýaryşyna gatnaşar.

«Bu halkara ýaryş 15 ― 21-nji noýabr aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçiriler» diýip, Türkmenistanyň metbugat serişdeleri ýazýar.

Rüstem Gurbanowyň tälimçiliginde ýeňiş üçin göreşjek türkmen toparyna 8 türgen agzalyk eder.

Olar:

  • Wepa Sähedow, sport ussady;
  • Şöhrat Jumakulyýew, sport ussatlygyna dalaşgär;
  • Agajan Gullaşow, sport ussatlygyna dalaşgär;
  • Oksana Gataulina, sport ussatlygyna dalaşgär;
  • Köwser Abbasowa, sport ussatlygyna dalaşgär;
  • Myrat Ýazmedow, birinji derejeli türgen;
  • Ezizmuhammet Sähedow, birinji derejeli türgen;
  • Söýli Meredowa, birinji derejeli türgen.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň