Soňky habarlar

Arhiw

Gözel Atabaýewa — ýaryşyň ýeňijisi

01:2924.05.2015
0
1337

Eýranyň Gilan welaýatynyň Sowmehsara şäherinde 6—16-njy maý aralygynda küşt boýunça halkara ýaryş geçirildi. Bäsleşigiň özboluşlylygy onda erkekleriň hem zenanlaryň, özem ýokary derejeli küştçüleriň oýnanlygynda jemlendi. Şeýlelikde, ýaryşyň «A» toparçasynda 43 küştçi, şol sanda 6 grossmeýster, 12 halkara ussady, dört FIDE-niň ussady we milli ussatlar çykyş etdiler. Olar Polşa, Latwiýa, Daniýa, Gruziýa, Italiýa, Türkmenistan, Russiýa, Ermenistan, Yrak, Eýran ýaly döwletlere wekilçilik etdiler.

Ýaryş şweýsar usulynda dokuz tapgyrda geçirildi. Bäsleşikde FIDE-niň ussady, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Bahar Hallaýewa erbet çykyş etmedi. Güýçli garşydaşlar bilen bolan duşuşykda ol dört utuk toplap, 43 küştçiniň arasynda 24-nji orny eýeledi. Russiýaly grossmeýster Liliýa Ružanowa Bahary 0,5 utuk öňürtmegi başardy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uly tälimçisi, at gazanan tälimçi we FIDE-niň ussady Şöhrat Myratgulyýewiň belleýşi ýaly, diňe bir ýaryşda eýelenen orun wajyp bolman, eýsem, güýçli garşydaşlar bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe bolmak, şeýlelikde, oýun tejribesini toplamak, küştçülerimiziň jogapkärli ýaryşlara taýýarlygyny barlap görmek babatda hem wajypdyr. «Şonuň üçinem biz ýokary derejeli bu ýaryşda çykyş etmäge çagyrandyklary üçin Eýranyň küşt federasiýasyna minnetdarlyk bildirýäris» diýip, Ş.Myratgulyýew sözüniň üstüni ýetirdi.

«B» toparçadaky garyşyk ýaryşa has-da hem köp küştçi gatnaşdy. Bu ýerde Eýrandan, Türkmenistandan, Russiýadan 113 küştçi çykyş etdi.

Zenanlaryň arasynda öňdäki orny mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk toplan Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby, FIDE-niň ussady Gözel Atabaýewa eýeledi. Oňa altyn medal we gymmatbaha sowgat gowşuryldy.

 Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Ogulgerek Atabaýewa, Hurma Weliýewa, Merjen Ýalkanowa hem oňat çykyş etdiler. Olar 113 küştçiniň (özem köpüsi erkek küştçüler) arasynda 19—32-nji orunlar aralygynda ýer aldylar.

Bu ýaryş şu ýylyň oktýabrynda 8—18 ýaş aralygyndaky küştçüleriň arasynda Günrota Koreýada geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlygyň nobatdaky tapgyry bolar.

* * *

Hanty-Mansiýskide FIDE-niň Gran-pri ýaryşy dowam edýär. Bu tapgyrlaýyn ýaryşyň jemleýji dördünjisidir. Dört ýaryşyň — Baku, Daşkent Tbilisi we Hanty-Mansiýsk bäsleşikleriniň netijeleri boýunça diňe iň gowy iki küştçi ABŞ-da geçjek dalaşgärleriň ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçilik alar. Dalaşgärleriň ýaryşynyň ýeňijisi bolsa öz gezeginde dünýä çempionlygy ugrunda küşt täjiniň häzirki eýesi Magnus Karlsen bilen oýnamaga hukuk gazanar.

Häzir Hanty-Mansiýskide geçýän ýaryşda 7 tapgyr oýnaldy. 5 utuk toplan italýan küştçiniň ýyldyzy Fabio Karuana öňde barýar. Kubaly Dominges bilen Karýakin ondan ýarym utuk az topladylar. Nakamura (ABŞ) bilen Swidleriň hersiniň (Russiýa) 4 utugy bar. Ýaryşyň tamamlanmagyna dört tapgyr galdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň