Aşgabatdaky tikinçilik salony ýörite iş geýimlerini we iş egin-eşiklerini tikmek hyzmatlaryny ýetirýär

14:2109.11.2022
0
17945

Umyda Kadyrowanyň ýolbaşçylyk edýän tikinçilik salony senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna we dolandyryjylaryna, jemgyýetçilik iýmit nokatlaryna hem-de söwda pudagynda iş alyp barýan edaralara ýörite niýetlenen iş geýimlerini we iş egin-eşiklerini tikmek hyzmatlaryny hödürleýär.

Tikinçilik salonynda Umyda Kadyrowanyň taýýarlaýan uniformalary diňe bir oňaýlylygy we amatlylygy bilen däl-de, eýsem uzak möhlete hyzmat edýändigi hem-de iş şertine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýylyň sowuk möwsüminiň şertlerini nazarda tutup, ýyly saklaýan ýörite iş geýimleriniň tikilýändigini-de bellemek bolar.

Tikinçilik salonynyň tikinçileri tarapyndan dükanlar tory, kafeler we restoranlar, şeýle-de birmeňzeş ýörite geýimleri geýmek zerur bolan beýleki kärhanalar üçin uniformalar taýýar edilýär.

Ýörite niýetlenen iş egin-eşikleri sargyt edilende müşderi bilen telekeçiniň arasynda şertnama baglaşylýar. Geýimleriň tölegi nagt hem-de nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat ş., Andalyp köçesi, 6-njy jaý. Aşgabat ş., Ankara köçesi, 27-nji jaý.
  • Telefon belgileri: 96 62 21, (+993 65) 68 62 18, (+993 65) 68 62 52.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň