Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýekegulak köpek dili bilen surat çekip, internetde meşhur boldy

14:0809.11.2022
0
13839
Ýekegulak köpek dili bilen surat çekip, internetde meşhur boldy
Surat: mir24.tv

Internetdäki sosial ulgamlaryň gahrymany Wan Gog lakamly ýeke gulakly köpek boldy, ol surat çekýär, çotganyň ýerine bolsa dilini ulanýar. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berdi.

Surat: mixnews.lv

Köpegi ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynda geçýän iti uruşlarynyň weterinar klinikasyna getirdiler. Ol birgiden şikes alypdy, üstesine kellesinde ýaryk yzlary-da bardy. Köpegiň gulagynyň birini kesip aýyrmaly bolupdyr, şondan soňra oňa Wan Gog diýip at beripdirler.

Agyr şikeslerden ünsüni sowmak üçin meýletinçi Žaklin Gartner oňa dili bilen surat çekmegi öwredipdir, ol munuň üçin Wan Goguň impressionistik eserleriniň birnäçesini görkezipdir, olar ýeke gulakly köpege ýarapdyr. Netijede, it surat çekmäge başlapdyr. Onuň dili bilen çeken suratlarynyň 30-syny her birine 40 dollardan töläp satyn alypdyrlar. Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň