Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» kärhanasy sargyt esasynda ýetginjekler üçin ykjam mebel toplumlaryny taýýarlaýar

09:4308.11.2022
0
13631

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň biri bolan «Aýbölek» mebel kärhanasy sargyt esasynda çagalar we ýetginjekler otagy üçin ykjam mebel toplumlaryny taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär.

Ykjam mebeller diýlip, umumy dizaýn we reňk sazlaşygy esasynda taýýarlanan hem-de aýratyn böleklerini süýşürmek, çalyşmak ýa-da gurluşynyň bir bölegini aýyrmak arkaly islendik ýere sygdyrmaga mümkinçilik berýän göwrümi bolan mebel toplumlaryna aýdylýar.

Islege ýa-da ýetginjegiň boýuna görä, ykjam mebeliň keşbini üýtgetmek, gurluşyň sazlaşygyny bozmazdan könelişen ýa-da döwlen bölegini täzesi bilen çalyşmak mümkindir.

«Aýbölek» kärhanasynyň tejribeli hünärmenleri ýetginjek otagy üçin sargyt esasynda islendik ykjam mebel görnüşlerini taýýarlap bererler. Kärhananyň abraýy «Aýbölek» haryt nyşanynyň mebeliniň taýýarlanylyş hiline we ähli bölekleriniň rahatlygyna kepil geçýär.

Kärhananyň öndürýän görnüşleri bilen tanyşmak we sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Andalyp köç., 80-nji jaý. Telefonlar: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň