«Aýbölek» mebel kärhanasy sargyt esasynda çaga krowatlaryny taýýarlap berýär

15:1917.10.2022
0
21691

Çagalaryň ýatýan otagy hem oňaýly, hem-de howpsuz bolmalydyr. Hut şonuň üçinem ýeňil iş ýaly görünse-de, köp ene-atalar çagalary üçin laýyk we özleri üçin göwnejaý boljak krowatlary hem-de sallançaklary tapmakda haýsy dükana salgylanjagyny bilmeýärler.

Surat: www.yris.ru

Eger müşderiniň isleýşi ýaly bolmaly diýen şert bilen ýa-da özbaşdak bezeg hem-de beýleki aýratynlyklary sargyt esasynda ýasadylan ýagdaýynda has gowy bolar diýlip hasap edilýän bolsa, onda bu sargydy «Aýbölek» mebel kärhanasyna ýüz tutmak esasynda amala aşyrmak ýerlikli bolsa gerek.

Kärhananyň hünärmenleri krowatlary ýasanlarynda onda ýatjak çaganyň ýaş we boý-agram aýratynlyklaryny esasy ünsde saklaýarlar. Şunuň bilen-de olar önümiň islendik öýüň bezegi bilen utgaşmagyny hem göz öňüne tutýarlar.

Ýasalýan mebelleriň ýene bir özboluşlylygy — olaryň ýörite dürli maksatlar üçin köptaraply bolmagyny pikirlenip, jaýdar mebel-transformer görnüşinde öndürilýändigini bellemek bolar.

Toplumlaýyn aýratynlygyna laýyklykda, bu krowatlar özünde gurnalan, açyp-ýapyp bolýan dürli zatlar üçin gutulary, tekjeleri, panel oturgyjyny we beýleki zatlary özünde jemläp bilýär. Bu haryt görnüşleri ýer tygşytlamaga örän ýardam edip, uzak möhlete hyzmat eder.

Ýaňy dünýä inen çagalaryň ählisi günüň köp wagtyny ýatyp geçirýärler. Olar üçin maşgalada ilkinji gerekli bolýan zatlaryň biri sallançakdyr. Sallançagyň uly bolmadyk göwrümi çaga üçin örän oňaýlylygy döredýär.

Kärhananyň öndürýän beýleki dürli görnüşli önümleri bilen onuň dükanyna baryp tanşyp we gyzyklanyp bilersiňiz. Bu babatda dükanyň maslahatçy-hünärmenleri size iň zeruryny tapmaga ýardam bererler hem-de dizaýn bezegini saýlap almagy maslahatlaşarlar.

Dükanyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat şäheri, Andalyp köçesi, 80-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03, (+993 12) 47 01 04.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň