Rahat Japarowyň topary wagtyndan öň Gyrgyzystanyň çempiony boldy

16:4304.11.2022
0
24707

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň çykyş edýän «Abdyş-Ata» kluby futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň 2022-nji ýylky möwsüminiň çempiony boldy.

25-nji tapgyrda turnir tablisasynyň ikinji ornundaky «Alaýyň» «Ilbirs» bilen deň oýnamagy «Abdyş-Atanyň» esasy garşydaşyndan 6 utuk öňe saýlanyp, wagtyndan öň çempion bolmagyna getirdi. Has takygy, şol deňlikden soň utuklarynyň sanyny 47-ä ýetiren «Alaý» 53 utuk bilen birinji ýerde barýan «Abdyş-Atadan» öňe geçmek mümkinçilini ýitirdi. Şeýlelikde, «Abdyş-Ata» wagtyndan öň çempionlyk titulyny özüniňki etdi.

25-nji tapgyrdaky oýnuny heniz geçirmedik «Abdyş-Atanyň» hasabynda 24 oýundan soň 16 ýeňiş, 5 deňlik we 3 ýeňliş bar.

Ýeri gelende bellesek, «Abdyş-Ata» futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynda altyn medaly eýelän taryhdaky dokuzynjy topar boldy. Häzirki wagtda bu babatda 13 gezek çempionlygyny baýram eden «Dordoý» topary öňdebaryjy hasaplanýar. Futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionaty 1992-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip, onuň mundan ozalky bassyr dört möwsüminde «Dordoý» topary çempion bolupdy. Gyrgyzystanyň çempionatynyň bu ýylky ýeňijisi 2023-nji ýylda AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder.

Maglumat üçin, 26 ýaşly türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Abdyş-Atanyň» düzümine goşuldy. Ol sentýabr aýynda topary bilen Gyrgyzystanyň Kubogynyň hem eýesi boldy.

«Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň güýçli toparlarynyň biri bolup, ol 2001-nji ýylda esaslandyrylýar. Topar häzire çenli bir gezek Gyrgyzystanyň çempiony, alty gezek wise-çempiony boldy. Şeýle-de bäş gezek futbol boýunça Gyrgyzystanyň Kubogyny eýeläp, bir gezek ýurduň Superkubogyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň