Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti raýatlarymyzy öňde boljak ilat ýazuwyna gatnaşmaga çagyrdy, Türkmenistanda Milli pul birliginiň güni bellenildi, Türkmenistan we Russiýa parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler

10:3102.11.2022
0
22150

1. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti türkmenistanlylary öňde boljak ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. TM CELL aragatnaşyk operatorynyň abonentlerine ilat ýazuwynyň senesi we onuň ýurdumyzy mundan beýläk hem syýasy-ykdysady taýdan ösdürmekde ähmiýeti baradaky maglumatlary saklaýan SMS-ler gelip başlady. «Ilat ýazuwy 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek!» 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabry aralygynda geçiriler.

2. 1-nji noýabrda Türkmenistanda ýurdumyzyň milli pul birliginiň – manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bellenildi. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerini gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

3. Şu gün Moskwada Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentleriniň ýokarky palatalrynyň ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Walentina Matwiýenko hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Moskwada resmi sapary amala aşyrýar.

4. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Köpdürlülikdäki birlik» ady bilen geçirilen Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy geçirildi. Hepdeligiň çäklerinde konsertler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary, maslahatlar, talyplar üçin okuw sapaklary geçirildi.

5. 10-11-nji noýabrda Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. «Türkmentel» – bu telekommunikasiýalar, innowasiýalar we ýokary tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmaga, täzeçe pikirleri we gazanylan üstünlikleri paýlaşmaga mümkinçilik döredýän sebitdäki maglumat-kommunikasion tehnologiýalar pudagy boýunça iň iri çäredir.

6. Yşykly uçarmansyz uçýan enjamlar meşhur arhitektura eserleriniň tamamlanan görnüşleriniň nähili görnüp biljekdigini görkezdiler. Amsterdamyň «DRIF» studiýasy yşykly şüweleňleri guramak bilen meşgullanýar. Olaryň maksady dronlaryň kömegi arkaly guruljak binalaryň keşbini emele getirip, suratkeşlere we arhitektorlara işlerini durmuşa geçirmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Taslamanyň çäklerinde şekillendirilen binalaryň hatarynda Ispaniýanyň Mukaddes Maşgala Ybadathanasy, şeýle-de Italiýadaky Kolizeý hem bar.

7. «Xiaomi» «Redmi Note 12» tapgyrnyň smartfonlaryny tanyşdyrdy, onuň flagman enjamy bolsa «Redmi Note 12 Discovery Edition» nusgasy boldy. Enjamyň tapawutly aýratynlygy 210 watt kuwwatlykly «Hyper Charge» tiz zarýad beriji ulgamydyr. Kompaniýa telefonyň akkumulýatoryna 9 minutda 100%-e çenli zarýad berip boljakdygyna söz berdi.

8. 1-12-nji noýabr aralygynda Ammanda geçiriljek boks boýunça Aziýanyň 32-nji çempionatyna gatnaşjak Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň düzümi mälim edildi. Bu çempionatda Aziýa ýurtlaryndan boksçylar 13 agram derejede medallar üçin güýç synanyşarlar. Bäsleşilerde Türkmenistana 8 türgen wekilçilik eder.

9. 3-7-nji noýabr aralygynda Daşkentde Merkezi we Günorta Aziýanyň tälimçileri hem-de eminleri üçin halkara okuw sapagy guralar. Çärä 14 döwletden sportuň dzýudo, sport göreşi, agyr atletika, boks we ýüzmek görnüşleriniň hersi boýunça 2 hünärmen gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň