Soňky habarlar

Arhiw

Daşkentde Merkezi we Günorta Aziýanyň tälimçileri we eminleri üçin halkara okuw maslahaty geçiriler

00:3301.11.2022
0
22253

3—7-nji noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň tälimçileri we eminleri üçin halkara okuw maslahaty guralar. Bu barada düýn «olympic.uz» web sahypasynda habar berildi.

Halkara okuw maslahatynda dzýudo, göreş, agyr atletika, boks we suwda ýüzmek boýunça iki sebitiň 14 ýurdunyň hersinden 2 hünärmen gatnaşar we jemi 300-e golaý tälimçi we emin bu okuw maslahatynda hünärler derejelerini ýokarlandyrar.

Nazary sapaklar Özbegistan, Kanada, Irlandiýa, ABŞ, Taýland, Hytaý we Russiýa wekilçilik edýän Halkara federasiýalardan bolan tejribeli hünärmenler tarapyndan geçiriler. Ondan soň, gatnaşyjylar alan nazary bilimlerini amaly sapaklarda görkezip bilerler.

Şeýle hem, okuw maslahatynyň çäklerinde «Hançžou—2022» Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak maksady bilen, «Fun Run» köpçülikleýin ylgawy guralar. «Täze Özbegistan» seýilgähinde ýaşlaryň arasynda sport çäresi geçiriler we oňa sagdyn durmuş ýörelgesiniň goldaýan ýaşlaryň 500-den gowragy gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň