Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Milli manadynyň gününi belleýär

10:4501.11.2022
0
30401

Şu gün, 1-nji noýabrda Türkmenistan milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyny belleýär. «Türkmenistan» gazetiniň sahypalarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerine ýüzlenip, olara saglyk, maşgala abadançylygy, asuda we bagtly durmuş, mundan beýläkki işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank işjeňligi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň, işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, banklaryň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmak esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda banknotlaryň 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manatda we teňňelerde 1, 2, 5, 10, 20, 50 teňňe we 1 we 2 manatda berilýändigini bellemelidiris. 2009-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda denominasiýa geçirildi, netijede täze nusganyň 1 manady köne 5000 manada deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň