Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Wadaiko—30 Finale çykyşlaryny geçirer

20:4501.11.2022
0
25467

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy SAI ýapon deprek toparynyň Wadaiko çykyşlaryny guraýar.

Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu medeni çäre, aşakdaky tertip boýunça Türkmenabat, Mary we Aşgabat şäherlerinde geçiriler:

  • Türkmenabatda Wadaiko çykyşlary 15-nji noýabrda Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda guralar. Geçirilýän wagty sagat 19:00-dan 20:30-a çenli.
  • Mary şäherindäki çykyşlar 17-nji noýabrda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda bolup geçer. Geçirilýän wagty 19:00-dan 20:30-a çenli.
  • Aşgabat şäherindäki çykyşlar 20-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Geçirilýän wagty 14:00-dan 15:30-a çenli.

Çärelere giriş mugt, ýöne olara gatnaşmak üçin ilçihananyň resmi web sahypasynda görkezilen talaplara laýyklykda ýüz tutmaly.

Ýeri gelende bellesek, Wadaiko — ýapon deprek sungatydyr. Geçirilýän Wadaiko çykyşlar şu ýyl Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan türkmen-ýapon diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan medeni çäreleriň toplumyny jemleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň