Soňky habarlar

Arhiw

Luis Suares «Nasional» bilen Urugwaýyň çempiony boldy

17:0931.10.2022
0
8722
Luis Suares «Nasional» bilen Urugwaýyň çempiony boldy

Urugwaýyň futbol çempionatynda ýene bir möwsüm tamamlandy. Möwsümde «Liwerpulyň», «Barselonanyň» we «Atletikonyň» ozalky hüjümçisi Luis Suaresiň topary «Nasional» ýurduň çempiony boldy.

«Nasional» final duşuşygynda Motewideonyň «Liwerpul» toparyny 4:1 hasabynda ýeňdi. Bu duşuşykda Suares iki gezek tapawutlandy.

«Nasionalyň» taryhynda 49-njy gezek çempion bolandygyny habar berýäris. 35 ýaşly Suares olaryň ikisine goşant goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň