Top.Mail.Ru

Domodedowo howa menzili Moskwadan Türkmenbaşy şäherine täzelenen uçuş tertibini paýlaşdy

17:4030.10.2022
0
41775

Domodedowo halkara howa menziliniň (RF) resmi web sahypasynda 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 22-nji martyna çenli Türkmenistana boljak uçar gatnawlarynyň täzelenen tertibi paýlaşyldy.

Russiýa bilen Türkmenistan iki awiakompaniýanyň göni uçuşlary bilen baglanyşýar. «Türkmenistan» awiokompaniýasy hepdede iki gezek Aşgabat — Moskwa — Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. 17-nji oktýabrda Russiýanyň S7 awiokompaniýasy Moskwa — Türkmenbaşy — Moskwa ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryny ýola goýdy.

Güýz-gyş meýilnamasyna laýyklykda, «Türkmenistan» awiokompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwadan Türkmenbaşy şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:

  • T5704 — çarşenbe güni 00:15-de ugraýar, 05:35-de gonýar.
  • T5710 — anna güni sagat 10:35-de ugraýar, 15:55-de gonýar.

«Türkmenistan» awiokompaniýasy Aşgabatdan Moskwa gatnawlary sişenbe güni 22:45-de (T5703), penşenbe güni bolsa 08:45-de (T5709) bolar.

Russiýanyň S7 awiokompaniýasynyň uçarlary duşenbe güni sagat 03:30-da Domodedowo howa menzilinden göge galar we Türkmenbaşy şäherine ýerli wagt bilen 09:05-de (S73237) geler. S73238 gaýdyp gelýän uçar 06:30-da ugrap, Moskwa 11:35-e barar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň