Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan uçuşlaryň güýz-gyş meýilnamasyna geçýär

20:3321.10.2022
0
55269
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Russiýadan uçuşlaryň güýz-gyş meýilnamasyna geçýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy güýz-gyş uçuş meýilnamasyna geçýär. Uçuşlar 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli şol tertipde dowam eder.

Güýz-gyş uçuş tertibi wagtynda awiakompaniýanyň ugur ulgamynyň Russiýa we gaýdyşyn uçuşlarynyň ähli ugurlary öňküligine saklanýar diýlip, awiakompaniýanyň Baş Agentliginiň VK sosial ulgamynyň resmi sahypasynda aýdylýar.

Güýz-gyş meýilnamasynda Moskwadan Türkmenbaşa we Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlar şu aşakdaky tertip boýunça amala aşyrylar:

Moskwa — Türkmenbaşy

  • T5704 — çarşenbe günleri 00:15-de ugraýar, 05:35-de gelýär.
  • T5710 — anna günleri sagat 10:35-de ugraýar, 15:55-de gelýär.

Kazan — Türkmenabat

  • T5736 — duşenbe güni sagat 00:35-de ugraýar, 06:05-de gelýär.
  • T5738 — penşenbe güni sagat 11:00-da ugraýar, 16:30-da gelýär.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň güýz-gyş uçuş meýilnamasynyň uçuşlary üçin petekleri Russiýa Federasiýasynyň Baş Agentliginiň web sahypasynda, şeýle hem avia@itmgroup.ru e-poçta salgysyna talapnamany ugradyp we şu aşakdaky salgylarda agentlik satuw ofislerinden satyn alyp bilersiňiz:

  • Russiýa Federasiýasy, Tatarystan, Kazan, Dekabristow köç., 85B jaý, «Relita» biznes merkezi, 210M belgili otag (Kozýa Sloboda metrosy).
    Iş wagty: Duşenbe gününden juma gününe çenli aralykda 09:00-dan 18:00-a çenli. Günortanlyk arakesmesi 12:00-dan 13:00-a çenli.
    Habarlaşmak üçin telefon belgisi: + 78435005531RF,
  • Moskwa sebiti, Domodedowo howa menzili, halkara gidiş zaly, 49-njy kassasy.
    Iş wagty: her gün sagat 10:00-dan 19:00-a çenli.
  • Russiýa Federasiýasy, Sankt-Peterburg, Aleksandr Newskiý meýdançasy, 2-nji bina, E lit, 3-nji girelge, 1-nji gat
    Iş wagty: her gün 09:00-dan 19:00-a çenli.
    Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +79312221266
    E-poçta: avialed.ticketing@gmail.com

Ýolagçylar gyzyklanma bildirýän ähli maglumatlaryny Russiýa Federasiýasyndaky Baş agentliginden — «IT-EM Sever» syýahatçylyk kompaniýasyndan aşakdaky telefon belgisi hem-de elektron salgysy arkaly anyklap bilerler:

  • +78124599899
    E-poçta: avia@itmgroup.ru
    Her gün 10:00-dan 19:00-a çenli.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň