Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentine gynanç bildirdi, CNPC Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy meýilleşdirýär, noýabrda Moskwadan Türkmenabada goşmaça uçuşy amala aşyrmak göz öňünde tutulýar

12:0028.10.2022
0
30184

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

2. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahatyň birinji gününiň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti häzirki wagtda Türkmenistandan Hytaýa 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberilendigini belledi. CNPC-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, geljekde hem Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň gerimini we möçberini giňeltmek boýunça ylalaşyklar durmuşa geçiriler

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji noýabrda Domodedowo howa menzilinde Türkmenabada goşmaça ýörite uçuşy amala aşyrar. T5 724 ugry boýunça howa gämisi Moskwadan ýerli wagt bilen sagat 18:00-da uçar.

4. Hazar deňziniň türkmen böleginde maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanan mejlisde «Trans Caspian Resources, Inc» kompaniýasynyň geňeşçi komitetiniň direktory Natali Kostello Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda 78 kilometrlik Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny baradaky pikiri öňe sürdi. Kostellonyň bellemegine görä, bu taslama häzir Türkmenistanyň deňiz önümçiliginden alynýan tebigy gazy Azerbaýjanyň hereket edýän deňiz platformasyna ibermek ideýasyny özünde jemleýär.

5. Çagalary maksatnamalaýyn immunizasiýalaşdyrmak üçin waksinalaryň nobatdaky tapgyry Bonn şäherinden ýörite howa gatnawy arkaly Türkmenistana getirildi. Bu Türkmenistan bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyk şertnamasyna laýyklykda, 2022-nji ýyl üçin meýilleşdirilen waksinalaryň soňky tapgyrydyr.

6. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparynyň dowamynda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde Akhan atly bedewiň heýkeliniň oturdylýan ýeriniň, bu ýerde bina ediljek suw çüwdürimleriniň, gök zolaklaryň taslamalary bilen tanyşdy.

7. Sýurih uniwersitetiniň alymlary pyşdyllaryň gürleýändiklerini ýa-da gürlemeýändiklerini barlamak kararyna geldiler. Ozal olar balykgulaklar we balyklar ýaly dymma diýlip hasaplanýardy. Täze barlaglar bu düşünjäni dolulygyna inkär etdi. Uzak wagtyň dowamynda alymlar mikrofonlar bilen pyşdyllaryň 50 görnüşini gözegçilikde sakladylar. Görlüp oturylsa, olar öz aralarynda «gürleşip» bilýän ekenler, emma adamyň eşidip bilmejek derejesinde pes ses arkaly.

8. Oksitosin, başgaça aýdylanda, söýgi gormony adamyň akyl işjeňliginde wajyp orny eýeleýär. Belki-de, geljekde ol demensiýanyň iň giň ýaýran görnüşi bolan Alsgeýmer keselinde ýatkeşligi dikeltmäge kömek edip biler. Islendik ýagdaýda-da, oksitosinli spreý keselli laboratoriýa syçanlarynyň ýatkeşligini güýçlendirmäge kömek etdi. Tokionyň Ylym uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler.

9. Türkmenabatdaky 2-nji sport mekdebiniň uly zalynda erkin göreş boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Üç günüň dowamynda on sany agram derejede medallar üçin güýç synanyşyldy. Lebap welaýatyndan zenan türgenler 6 sany altyn, 8 kümüş we 12 bürünç medala mynasyp bolup, toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Aşgabadyň ýygyndysy 5 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç meda bilen ikinji orny eýeledi. Üçünji orna bolsa 1 kümüş we 2 bürünç medal bilen Daşoguz welaýatynyň topary mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň