Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisä gynanç bildirdi

21:4727.10.2022
0
25908

Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä ýurduň Şiraz şäherindäki Şah Çerag aramgähinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

— Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi. Ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň