Soňky habarlar

Arhiw

«Detoxboxtm» we «Görogly» fitnes kluby bilelikde aksiýa çäresini geçirýär

09:5327.10.2022
0
15834

«Detoxboxtm» kompaniýasy bilen «Görogly» fitnes kluby bilelikde gatnaşyjylara tejribeli hünärmenleriň (nutrisiologlar we tälimçiler) ýolbaşçylygynda artykmaç agramy taşlamaga ýardam edýän hem-de munuň üçin sowgat berýän «Marafon» atly aksiýa çäresini geçirýär.

Müşderi aksiýa çäresine gatnaşanda dogry iýmitlenmek eltip berme hyzmatyna ýazylmaly, günüň dowamynda tiz ädimler bilen 3 kilometr ýol geçmeli hem-de hepdede 3 gezek Görogly cycle-da (saýkling — stasionar welosipedinde türgenleşmek) türgenleşik geçmeli.

Türgenleşikler Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Türkmenistan» söwda merkeziniň 2-nji gatyndaky «Görogly» fitnes klubunyň sport zalynda geçirilýär. Müşderiler türgenleşigiň wagtyny saýlap bilerler. 1-nji topar — 13:00 – 13:40; 2-nji topar – 13:50-14:30.

Marafonyň düzgünlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar her 5 günden fotohasabat bermeli, geçilen kilometrler barada habarly etmeli, şeýle-de bedeniniň agramy barada mälim etmeli.

Aksiýa çäresi 21 gün dowam edýär. Onuň bahasy — 1470 manatdyr.

Marafony üstünlikli geçen gatnaşyjylar «Detoxboxtm» kompaniýasynyň 10 günlük dogry iýmitlenmek hyzmatyny hem-de Görogly cycle-da bir aýlap türgenleşik geçmek mümkinçiligini — baýragy alarlar.

Aksiýa 31-nji oktýabrda başlanýar.

Habarlaşmak we aksiýa ýazylmak meseleleri üçin telefon belgisi: (+993 62) 08 98 88.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň