«Detoxboxtm» dogry iýmitlenmek bilen gyzyklanýanlaryň sowallaryna jogap berýär

15:2412.10.2022
0
18782

«Detoxboxtm» kompaniýasy müşderilerine dogry iýmitlenmek babada işlenip düzülen programmalar dogrusynda giňişleýin maglumatlary ýetirýär.

Bu ugurda iň köp gyzyklanylýan we ýygy-ýygydan berilýän sowallar — nahar wagtlarynyň aralygynda iýmiti nähili şertde saklamalydygy, şeýle hem programma boýunça iýmitlenilýän möwsüminde sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi barada sowallardyr.

Bu sowallara jogap bermek bilen, kompaniýanyň hünärmenleri müşderileriň ünsüni naharlary taýýarlamakda hiç hili konserwantlary goşmazdan, diňe ter önümleriň ulanylýandygyna çekýärler. Şonuň üçin iýmitleniş wagtlarynyň aralygynda naharlaryň ählisini sowadyjyda saklamak maslahat berilýär.

Sport bilen meşgullanmak meselesi bolsa gönüden-göni saýlanyp alnan programma bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, horlanmak üçin niýetlenen programmada iýmitiň kaloriýasy az bolanlygy sebäpli, «Detoxboxtm-iň» hünärmenleri programmanyň ýerine ýetirilýän mahalynda agyr sport türgenleşikleirni geçmegi maslahat bermeýärler.

«Detoxboxtm» müşderileriniň durmuşyny has aňsat, örän amatly hem-de datly edýär, sebäbi bu ýerde nahar bişirmek we kaloriýalary hasaplamak bilen ýörite hünärmenler meşgullanýarlar. «Detoxboxtm-dan» naharlary sargyt etmek bilen siz şulary alyp bilersiňiz:

  • Her günüň dowamynda beloklary, ýaglary we uglewodlary deňagramly bolan tagamnama;
  • Naharlarda kesgitli kaloriýa bar we iýmit liniýasyny saýlamak fiziki işjeňligi, müşderiniň jynsyny we beýleki şahsy maglumatlary göz öňünde tutýar;
  • Önümler ygtybarly görnüşde taýýarlanýar - bugly, gaýnadylan we bişirilen.
  • Tagamnamada gök önümleriň, miweleriň, otlaryň we däneleriň köp mukdary bar. Olaryň möwsümleýinligi göz öňünde tutulýar.
  • Etleriň we balyklaryň ýagly sortlary ýagsyzlary bilen çalşylýar;
  • Desertler peýdaly görnüşde;
  • Bölekleýin iýmitlenme aşgazan-içege ulgamyna uly agram bermeýär, bu bolsa iýmitiň özleşdirilme prosesiniň has çaltdygyny aňladýar.

«Detoxboxtm» kompaniýasynyň dogry iýmitlenmek ýörelgeleri bilen bagly sowallaryňyza şu salgylanma girmek arkaly jogap tapyp bilersiňiz.

Goşmaça maglumatlar üçin ýüz tutmak ýa-da sargyt etmek üçin (+993 62) 08 98 88 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň