Belarus Respublikasy 2022-nji ýylyň başyndan bäri umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryna deň bolan azyk önümlerini daşary ýurtlara eksport etdi diýip, «Interfaks» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
«Biz diňe azygyň 5 milliard dollara deň bolan möçberlerini eksporta iberdik» diýip, ýurduň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Dmitriý Ýaroşewiç habar berdi.
Ministriň orunbasarynyň sözlerine görä, belarus harytlarynyň eksporty umumylykda artýar. «Diňe awgustda biz dürli görnüşli harytlaryň 3,4 milliard dollara deň bolan möçberlerini eksporta iberdik, bu geçen ýylyň awgust aýyndakydan has köpdür» diýip, Ýaroşewiç belledi.