Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Halaçly halyçylar öýler we ofisler üçin «Älemiň sekizinji täsinligini» hödürleýärler

11:0517.10.2022
0
32869

Gadymyýetden şu güne çenli türkmen halkynyň milliliginiň nyşany bolup gelýän türkmen halylaryny «Älemiň sekizinji täsinligi» hasaplaýarlar.

Ýer ýüzünde giň meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary bu günki günde dünýäniň dürli ýurtlarynyň muzeýlerine bezeg berýär. Bu halylary Golliwudyň meşhur filmlerinde ýa-da öňdebaryjy guramalardyr kompaniýalaryň interýerinde görmek bolýar.

2019-njy ýylda bolsa türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Sanawyna girizildi. Bu bolsa öz nobatynda asyrlaryň jümmüşinden nesilden-nesle geçip gelýän asylly türkmen sungatynyň abraý-mertebesiniň has-da şöhratlanmagyna ýardamyny ýetirdi.

Şeýle şöhratly, «Älemiň sekizinji täsinligi» diýlip atlandyrylýan halylar bilen öz gurşawyňyzy bezemegi bolsa haly dokamak işlerine ýöriteleşen «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti ýurduň raýatlaryna hödürleýär.

Her bir kärhananyň işewürlik keşbi onuň taryhyndan, önümlerinden, hödürleýän hyzmatlaryndan, şeýle-de jemgyýetçilik medeniýetinden ybarat bolup durýar. Has oňaýly guralan ofis gurşawy mylaýym atmosferany döredip, diňe bir hünärmenleri däl-de, eýsem müşderileri hem öz öýlerinde ýaly duýmaga iterer. Muny Gündogaryň: «Islendik öý-ojak haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen pähimli jümlesi hem aýdyňlygy bilen görkezýär.

Göwnejaý hem-de oňaýly gurşawy döretmekde haly önümleri bilen üpjün etmegi «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ussatlyk bilen başarýarlar. Kärhananyň hünärmenleri bu babatda müşderiniň isleginden ugur alýan özbaşdak halyny dokamak bilen, ilki onuň öý şertlerine laýyklykda ýerlikli maslahatlary berýärler, şunuň bilen birlikde olar kärhananyň önümleri bilen giňden tanyş edýärler.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň bazarynda 2020-nji ýyldan bäri hödürlenip gelýär. Bu ýerde öz ussatlygy bilen il içinde giňden tanalýan tejribeli halyçylar zähmet çekýärler.

Önümçilikde çig mal hökmünde goýnuň ýüňünden we beýleki ekologik arassa materiallardan peýdalanyp dokalýan türkmen halylaryny kärhana Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, BAE hem-de Türkiýe ýaly ýurtlara eksport edýär.

Ofislere bolsa halylar diňe bir gözellik bermän, ilkinji nobatda gurşawa tämizlik berýär. Bu halylar otag şertlerinde tozap ýa-da howada gaýyp biljek tozanlaryň ýokary göterilmezligi üçin-de peýdalydyr. Bu ses izolýasiýasy üçinem has ýerlikli çözgütdir.

Ata-babalarymyz elde dokalan halylaryň ojagyň jebisligini gorap saklaýan, öýe bagt we bereket getirýän tumar mysaly täsindigine ynanypdyrlar. Munuň üçin halynyň astyna teňňe goýmak ýeterlikdir.

Öýüňiz ýa-da ofisiňiz üçin has gelşikli boljak halyny nähili göz öňüne getirýän bolsaňyz, muny «Kümüş Ýüpek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenlerine düşündirip bilersiňiz, olar bolsa siziň hyýalyňyzdaky halyny hakykata öwrüp bererler.

Halajyň el halylaryny islendik ölçegde, dürli hili göller bilen bezelen hem-de reňkdar görnüşlerde kärhananyň turkmen-carpets.com saýty arkaly ýa-da sosial media ulgamyndaky hasaby boýunça sargyt edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň