Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýew Eýranyň çempionatynda dördünji ýeňşini gazandy

11:2516.10.2022
0
31692

Eýranyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynda «Traktor» «Naft Mesjede-Soleýman» toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, Töwriz şäheriniň topary Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda dördünji ýeňşini gazandy. «Traktor» çempionatyň şu möwsüminde dört ýeňiş gazanyp, üç gezek garşydaşlaryndan asgyn geldi. Iki duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy. Pökgi gatnaşygy ― 11:9.

Topar 9 duşuşykda toplan 14 utugy bilen ýaryşda bäşinji orunda barýar. Ol ýaryşyň başyny çekýän «Persepolis» bilen «Esteglaldan» 4 utuk yza galýar.

«Traktor» indiki duşuşygyny 27-nji oktýabr güni öz meýdanynda «Malawan» topary bilen geçirer.

Gurban Berdiýewiň bu topara şu ýylyň iýun aýyndan bäri tälim berip gelýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň