Türkmenistanyň Prezidenti uruş weteranlary we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen duşuşdy

07:2009.05.2015
0
3541

8-nji maýda “Maslahat köşgünde” Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlary hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary bilen dabaraly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bir stoluň başyna ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Prezidenti hemmeleri 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy bilen gutlady. Şol ýyllar adamzadyň taryhyna iň ýowuz synaglaryň we külpetleriň döwri hökmünde girdi. Bu uruş iň elhenç we bütin dünýä taryhynda iň gandöküşikli uruşlaryň biri bolup, millionlarça adam ömrüniň tanapyny kesdi.

Şu duşuşyga gatnaşyjylar hem urşuň synaglardan doly ýowuz ýollaryny abraý bilen geçdiler, ajaýyp Watanymyzy gorap, Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň dabaralanmagy üçin gahrymanlarça söweşdiler. Prezident Watany hem-de halky goramak işinde görkezen gahrymançylyklary, häzirki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine bitiren hyzmatlary üçin uruş weteranlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biziň watandaşlarymyz diňe frontda däl, eýsem, tylda hem deňsiz-taýsyz edermenligiň belent nusgasyny görkezdiler. Agyr ýyllaryň ýowuz synaglarynda aýallar, garrylar we çagalar gol gowşurman, gije-gündiz zähmet çekdiler, tylda Ýeňşe goşant goşup, watançylygyň we ynsanperwerligiň nusgasyny görkezdiler.

Şol döwürden bäri köp ýyllar geçse-de,  Watan ugrundaky söweşlerde türkmen gerçekleriniň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hiç wagt unudylmaýar. Olaryň yzynda galan zenanlarymyz we enelerimiz bolsa,       öý-ojagyny aman saklap, wepalylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Şoňa görä-de, gaýduwsyzlyk bilen söweşen weteranlarymyz, tutanýerli zähmet çeken enelerimiz häzirki nesillerimiz üçin Watany söýmegiň  we ynsanperwerligiň beýik mekdebine öwrüldi diýip, milletiň Lideri belledi .

Çaý başynda geçen duşuşygyň barşynda uruş weteranlary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldaw, özleri üçin döredilýän hemme zerur şertler, türkmen jemgyýetinde hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynýandyklary üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. Biz jemgyýetçilik-köpçülikleýin çärelerine, wagyz ediş we düşündiriş, watançylyk işlerine buýsanç bilen gatnaşýarys hem-de Watana özümiziň parahat gulluk etmegimizi dowam ederis diýip, weteranlar aýtdylar we milletiň Liderine ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlary üçin weteranlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olary jemgyýetiň ruhy gymmatlyklaryny, onuň ahlak ýörelgelerini gorap saklamaga mundan beýläk-de goşant goşmaga çagyrdy.

Weteranlaryň jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini berkitmekdäki, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekdäki, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, ägirt uly hyzmatlaryny ýene bir ýola belläp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Öz gezeginde weteranlar we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary uly ýaşly nesiller, urşa gatnaşanlar baradaky aladasy we wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna berýän yzygiderli ünsi üçin türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň