Soňky habarlar

Arhiw

Awstriýa Türkmenistany diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlaýar

21:5109.10.2022
0
18630

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellenden gutlag haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dostlukly ýurduň Prezidenti öz hatynda türkmen döwletiniň Baştutanyny Awstriýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaýar hem-de köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini bellemek isleýändigini beýan edýär.

— Ýurtlarymyzyň dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Awstriýanyň daşary işler ministri Türkmenistana bardy. Munuň özi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine täze itergi berdi. Bilelikdäki awstriýa-türkmen ykdysady toparynyň Aşgabatda geçiriljek mejlisi hem hut şuny maksat edinýär. Şeýle hem ýurtlarymyzyň bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara dialogynyň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň ykrar edilmegine işjeň goldaw berýändiklerini nygtamak isleýärin. Size we Siziň ýurduňyza abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! — diýip, Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti gutlag hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň