Soňky habarlar

Arhiw

«S7 Airlines» Türkmenbaşa uçup başlar, Eýran Türkmenistana eksportyny 40% artdyrdy, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nde ÝUNESKO-nyň «Parahatçylygyň medeniýeti» kluby açyldy

11:5207.10.2022
0
40998

1. S7 howa ýollary 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabryndan Russiýadan Türkmenistana dowamly howa gatnawlaryny dikelder. Uçuşlar hepdede bir gezek duşenbe güni Moskwa – Türkmenbaşy – Moskwa ugry boýunça amala aşyrylar. Moskwadan uçuş wagty – 03:30, Türkmenbaşydan uçuş wagty – 10:05.

2. Eýran Türkmenistana eksportyny 40% ýokarlandyrdy. Eýranyň Türkmenistana 2022-nji ýylyň aprelinden sentýabr aýyna çenli eksportynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 40% ýokarlandy diýip, 6-njy oktýabrda Eýranyň Söwdany ösdürmek guramasynyň başlygy Alireza Peýmanpak habar berdi.

3. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylygyň medeniýeti» kluby açyldy. Klub ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistan milli toparynyň Sekretariatynyň we Ýokary diplomatiýa mekdebiniň bilelikde gatnaşmagynda döredildi. ÝUNESKO klublarynyň döredilmegi ýaşlaryň arasynda döredijilik we gözleg işlerini, ýurduň medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary we edim-gylymlary baradaky bilimleri kemala getirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilendir.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Hatyra gününe bagyşlanan çärelere gatnaşdy. 6-njy oktýabrda Türkmenistanyň halky 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hatyralaýarlar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumyndaky gullukçylar «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdy.

5. Aşgabatdaky Sergi merkezinde Mary welaýatynyň suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy. Serginiň iki gatynda 42 suratkeşiň getiren 220 eseri ýerleşdirildi. Marynyň suratkeşleriniň çeken suratlarynyň sergisi 19-njy oktýabra çenli dowam eder.

6. Şu gün, 7-nji oktýabrda, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 70 ýaş ýubileýini belleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Russiýanyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

7. Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde öz ornuny saklady. Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 135-nji ornuny saklaýar. FIFA-nyň sanawynda Braziliýanyň milli ýygyndysy birinji orunda barýar. Ikinji ýeri Belgiýa, üçünji orny Argentina eýeleýär (1770.65). FIFA-nyň indiki dünýä reýtingi 2022-nji ýylyň 22-nji dekabrynda köpçülige ýetiriler.

8. AFK Kubogy – 2022-niň finalçylary kesgitlenildi. Malaýziýanyň «Kuala-Lumpur Siti» we Omanyň «Al-Sib» toparlary 2022-nji ýylyň AFK Kubogynyň finalyna çykdylar. Ýeňiji 22-nji oktýabrda geçiriljek finalda belli bolar. Oýun Malaýziýanyň paýtagtyndaky 18 müň orunlyk «Kuala-Lumpur» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň