Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistana eksportynyň möçberi Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň (2022-nji ýylyň 21-nji martynda başlap - red.) ilkinji bäş aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40% artdy. Bu barada Eýranyň Söwda ösüşi guramasynyň başlygy Alireza Peýmanpak sişenbe güni Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohberiň Moskwada geçirilýän ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagy barada teswir berende aýtdy.
«Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň ilkinji bäş aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Azerbaýjana eksportymyz – 84%, Russiýa – 31%, Türkmenistana bolsa 40% artdy» diýip, IRNA Peýmanpagyň sözlerini getirýär.
Mundan başga-da, goňşy döwletiň Söwda ösüşi guramasynyň başlygy Hazarýaka sebitinde erkin söwda zolagy döredilse, Eýranyň 600-700 milliard dollarlyk bazara eýe boljakdygyny belledi. Şeýle hem ol Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetine ünsi çekdi.