Soňky habarlar

Arhiw

«Barselona» iki ýyldan soň birinji orna dolandy

12:0503.10.2022
0
12444
«Barselona» iki ýyldan soň birinji orna dolandy
Surat: sp.depositphotos.com

La Liganyň 7-nji tapgyrynyň jemleri boýunça «Barselona» iki ýyldan soňra ilkinji gezek hepdäni turnir tablisasynyň birinji basgançagynda tamamlady. 7-nji tapgyrda Hawiden tälim alýan «Barselona» «Malýorkany» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we utuklarynyň sanyny 19-a ýetirdi. Tapgyrdaky oýnuny düýn geçiren «Realyň» «Osasuna» bilen (Gollar: Žunior 42 min - Martines 50 min) utuk paýlaşmagy netijesinde kataloniýalylar ýaryş jedweliniň birinji ornuna geçdi. «Barselona» 833 günden soňra ilkinji gezek tapgyry birinji ýerde tamamlady. Iki toparyň utuklarynyň deňdigine garamazdan, gollaryň aratapawudy boýunça üstünlik kataloniýalylaryň tarapynda. Mundan başga-da, tapgyrda esasy oýunlaryň ýene biri «Sewilýa» — «Atletiko» duşuşygy bolup, oýunda Lýorenteniň 29-njy we Moratanyň 57-nji minutdaky gollary bilen 0:2 hasabynda Simýoneniň topary ýeňiş gazandy.

La Liganyň 7-nji tapgyrynyň netijelerine görä, turnir tablisasynyň birinji bäşliginde aşakdaky toparlar degişli yzygiderlilikde orun aldylar: «Barselona» 19 utuk, «Real» 19 utuk, «Atletik» 16, «Betis» 15, «Atletiko» 13.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň