Soňky habarlar

Arhiw

Täze «Toyota Corolla» awtoulaglary «Onlaýn taksi» gullugynyň taksi parkynyň üstüni ýetirdi

10:1801.10.2022
0
38170

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda gije-gündiz iş alyp barýan «Onlaýn taksi» gullugynyň ulaglar parky täze «Toyota Corolla» kysymly ulaglar bilen üpjün edildi. Bu awtoulaglaryň her biri olaryň paýtagt şäheriň köçesindäki hereketini onlaýn yzarlamaga mümkinçilik berýän GPS ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ulaglarda ýolagçylaryň dynç almagyny hem-de sürüjileriň oňaýly dolandyrmagyny bolsa howa gözegçilik ediji we sesleri azaldyjy ulgamlar üpjün edýär. Awtoulaglaryň ählisi oňaýlylygyň hem-de howpsuz dolandyryşyň ähli döwrebap talaplaryna laýyk gelýär.

Täze ulaglar eýýämden Aşgabadyň çäginde we oňa golaý ýerlerde raýatlara hyzmat edýär.

«Onlaýn taksi» gullugynyň Aşgabadyň raýatlary we myhmanlary üçin gije-gündiziň dowamynda işleýändigini bellemeli. Taksileri gündiz ýa-da gije islendik wagtda çagyryp, ýa bolmasa gitmeli wagtyňa görä gelmeli ýerini belläp sargyt edip bolýar.

Şäheriň islendik ýerine gitmek üçin taksi çagyrmagyň has giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin iOS ýa-da Android platformalary üçin niýetlenen «Onlaýn taksi» ykjam goşundysyny ýükläp almak zerurdyr.

Ykjam goşundydan peýdalanmak şertiniň bolmadyk ýagdaýynda bolsa, 0655 gysga belgä jaň edip, islendik ýere, islendik wagt üçin taksi sargyt etmek bolýar.

Taksi sargyt etmek gullugyna aýratynam gijelerine ýüz tutmak örän oňaýlydyr. Mysal üçin, gijeki gatnawa ýetişmek üçin howa menziline gitmeli bolsa ýa-da çylşyrymly howa şertlerinde (mysal üçin, çabga ýa-da gar ýaganda...) «Onlaýn taksi» gullugyna ýüz tutmak iň ýerlikli we ygtybarly çözgütdir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň