Soňky habarlar

Arhiw

«Onlaýn taksi» ykjam goşundysy indi 19 dilde işleýär

16:3516.03.2022
0
4883
«Onlaýn taksi» ykjam goşundysy indi 19 dilde işleýär

«Onlaýn taksi» hyzmatynyň programmasyndan indi müşderiler dünýäniň 19 dilinde peýdalanyp bilerler. Şunuň bilen birlikde ondaky ýerleşdirilen bölümleri görmek mümkinçiligi hem ýeňilleşdirildi. Girizlen üýtgeşmeler ykjam goşundynyň işleýşini has düşnükli görnüşde ýönekeýleşdirdi.

Häzirlikçe bu ykjam goşundynyň täze görnüşi Android operasion ulgamly enjamlar üçin elýeterdir. Ony işläp taýýarlaýjylaryň bellemegine görä, programma iOS operasion ulgamy üçin hem ýakyn wagtda taýýar ediler.

«Onlaýn taksi» ykjam goşundysy arkaly taksi sargyt etmek üçin onda gerekli salgynyň adyny girizmek ýa-da ony kartadan görkezmek ýeterlikdir. Gatnawyň töleginiň mukdary bolsa geçen ýoluňyza we onuň wagtyna baglylykda kesgitlenilýär hem-de goşundyda görkezilýär.

Ýolagçy barmaly salgysyna ýeteninde onuň smartfonyna gatnawyň ahyrky tölegini görkezýän habarnama gelýär. Taksi gatnawynyň tölegini nagt hem-de bank karty arkaly sürüjiniň terminalyna töleg geçirmek bilen hasaplaşyp bolýar.

Taksi hyzmatyndan şeýle-de 0655 gysga belgä jaň edip peýdalanyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň